Samsung inçe we ýeňil Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Günorta Koreýanyň NewsPim neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa galan Galaxy S25 Edge smartfonlary satylandan soň önümçiligi bes eder. Soňky modeliň satuwy garaşylandan gowşak boldy: awgusta çenli bary-ýogy 1,31 mln smartfon satyldy. Deňeşdirmek üçin, Galaxy S25-den 8,28 mln, S25+ smartfonyndan 5,05 mln, S25 Ultra-dan bolsa 12,18 mln birlik satyldy. Kompaniýanyň ady getirilmeýän wekili seriýanyň dowam etdirilmeginiň şübhelidigini belledi. Şeýle-de bolsa, Galaxy S26 Edge smartfonyny işläp taýýarlamak boýunça işler tamamlandy. Samsung-yň taýýar modeli başga brend bilen ulanmagy ýa-da ony käbir bazarlarda çäkli tiraž bilen çykarmagy hem mümkin. Indi kompaniýa indiki nesliň üç flagmanyna – Galaxy S26 Pro, S26 Plus we S26 Ultra smartfonlaryna ünsi gönükdirýär. Olaryň tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda bolmagyna garaşylýar.