Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şeýle hem Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Bilim ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa degişli Kararyň taslamalaryny hödürledi. Nygtalyşy ýaly, Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir