14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baradaky hoş habary anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, bu Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir