Apple täze nesil iPad Pro planşetini hödürledi. Esasy täzelik kompaniýanyň öz M5 prosessoryna geçmegi boldy. Täze M5 çibi 10 ýadro bilen üpjün edildi – olardan dördüsi öndürijilige jogap berýär, altysy energiýa tygşytlaýjy ýadrodyr. Grafiki ulgam üçünji nesil şöhle ýoluny hasaplaýyş goldawyna eýe boldy. Neural Engine neýron tizleşdirijisi bolsa 16 ýadroly bolup, emeli aň bilen bagly ýumuşlary ýerine ýetirmekde has ýokary tizligi üpjün edýär. Öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryna birikmek üçin Apple C1X modemi göz öňünde tutuldy, ol maglumatlaryň 50% tiz iberilmegini üpjün edip, energiýanyň sarp edilişini azaldýar. Simsiz birikmek üçin Wi-Fi 7, Bluetooth 6 we Thread goldawy bilen Apple N1 çibi jogap berýär. Ýadyň geçirijilik ukyby 30% ýokarlandy we indi 150 GB/s-den geçýär. Operatiw ýadyň göwrümi 256 we 512 GB içki ýatly wersiýalarda 12 GB barabar. Planşet 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 11 we 13 dýuýmlyk displeýlerde çykarylýar. Täze modeller çalt zarýad alşy goldaýar – 40 Wt we ýokary kuwwatly adapterler ulanylanda ýarym sagatda 50%-e çenli. Bahalar 11 dýuýmlyk iPad Pro üçin 999 dollardan we 13 dýuýmlyk üçin 1299 dollardan başlaýar. Satuw 22-nji oktýabrda başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir