Apple täze M5 prosessorynda işleýän 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “Mac üçin emeli aňy ösdürmekde indiki uly ädim” diýip atlandyrýar. Enjamyň EA meselelerinde öndürijiligi öňki M4-li model bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy. M5 çibi her ýadroda neýron tizleşdirijisi bolan täze nesliň 10 ýadroly grafiki prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Professional programmalarda we oýunlarda grafika bir ýarym esse tiz boldy. Merkezi prosessor hem 10 ýadro eýe boldy we M4 bilen deňeşdirilende köpugurly öndürijiligi 20%-e çenli ýokarlandyrdy. SSD ýygnaýjylary indi iki esse tiz işleýär, 4 TB çenli ýat bar, operatiw ýadyň geçirijilik ukyby bolsa 153 GB/s çenli ýokarlandy. Apple-iň maglumatlaryna görä, täze MacBook Pro şeýle netijeleri görkezýär: ·M1-li model bilen deňeşdirilende Topaz Video-da EA bilen wideo işlenende 7,7 esse ýokary öndürijilik; ·Blender-de 3D modelden şekili 6,8 esse tiz taýýarlamak; ·Oýunlarda kadr ýygylygy 3,2 esse ýokarlandy; ·Xcode-da taslamalary ýygnamagyň tizligi 2,1 esse ýokarlandy. Noutbuk Liquid Retina XD ekranyna, 12 Mp Center Stage kamerasyna, alty dinamige, giň port toplumyna we Apple Intelligence goldawyna eýe boldy. Ol macOS Tahoe-niň dolandyrmagynda işleýär. Täze MacBook Pro üçin deslapky sargytlar eýýäm başlady, esasy baha öňküligine galdy – $1599. Üpjünçilik 22-nji oktýabrda başlar, gara we kümüşsöw reňkler elýeterli.