Apple kompaniýasy täzelenen Vision Pro üsti ýetirilen hakykat (AR) garniturasyny hödürledi. Gurluş täze, kuwwatly M5 çibine, kämilleşdirilen micro-OLED displeýlerine we has rahat Dual Knit Band berkitmesine eýe boldy. Kompaniýa M5 prosessorynyň öňki model bilen deňeşdirilende öndürijiligi ep-esli ýokarlandyrandygyna ynandyrýar. Şonuň netijesinde Vision Pro indi 10% köp pikselli we 120 Gs täzelenme ýygylygy bolan ekranlar bilen enjamlaşdyryldy. Apple munuň has aýdyň suraty, şekilleriň akgynly hereketini üpjün edýändigini we bulaşyklygy peseldýändigini belleýär. M5 çibinde emeli aň funksiýalarynyň işini 50%-e çenli çaltlaşdyrýan 16 ýadroly Neural Engine oturdyldy. Bu surat we wideo işlemäge, şeýle-de öndürijiligi iki esse ýokarlanan başga programmalara-da degişlidir. Täze Dual Knit Band kemeri garniturany ulanmagy has rahat edýär. Garnituranyň ýokarky we aşaky kemerleri 3D-örüm usuly bilen taýýarlanyp, biri-biri bilen baglanyşdyryldy. Bu hem goşa gapyrga gurluşyny döredip, ýumşaklygy, howa geçirijiligi we maýyşgaklygy üpjün edýär. Kemer S, M we L ölçeglerde elýeterli bolup, Vision Pro-nyň birinji wersiýasy bilen hem gabat gelýär. Şonuň üçin ony aýratyn satyn alyp bolýar. Täzelenen garnitura 256 GB, 512 GB we 1 TB ýat bilen hödürlenýär. Deslapky sargytlar eýýäm Awstraliýada, Kanadada, Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýada, BAE-de we ABŞ-da açyldy. Satuw 22-nji oktýabrda başlar, başlangyç baha öňküligine galdy – $3499.