Argentinanyň we Marokkonyň milli ýygyndylary 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda duşuşar. Ýaryş Çilide geçirilýär. Ýarym finalda argentinalylar Kolumbiýanyň toparyny 1:0 hasabynda utdy. Argentina üçin bu 2007-nji ýyldan bäri ýaryşyň finalyna ilkinji gezek çykmagy boldy. Şol ýyl topar Çehiýany 2:1 hasabynda utup, altynjy titulyny gazanypdy. Öz gezeginde Marokkonyň milli ýygyndysy Fransiýany utdy – oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa Marokko 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu üstünlik taryhy boldy, çünki topar öz taryhynda ilkinji gezek ýaşlar dünýä çempionatynyň finalyna çykdy. Final oýny 20-nji oktýabrda geçiriler, üçünji ýer üçin duşuşyk bolsa iki gün öň – 18-nji oktýabrda bolar. 2023-nji ýylda çempion titulyny finalda Italiýany utan Urugwaýyň milli ýygyndysy gazandy.