Jeep 2026-njy ýylyň Grand Wagoneer ulagyny hödürledi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulag nusgawy amerikan stilini döwrebap tehnologiýalar we gibrid ulgam bilen utgaşdyrýar. Täze nesil Wagoneer bilen Grand Wagoneer modellerini düýbünden täze dizaýna we giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan bir awtomobile birleşdirýär. Ulagyň daşky görnüşi Wagoneer S elektromobilinden ylham aldy. Onuň ýedi zolakly yşyklandyrylýan radiator gözenegi inçe faralar bilen üznüksiz birleşýär, bamperiň aşagy bölegi uly howa ýygnaýjysyna we T şekilli gündizki çyralara eýe boldy. Wersiýa baglylykda 18-den 22 dýuýma çenli tigir diskleri hödürlenýär. Wagoneer ýazgysynyň deregine indi Jeep logotipi ulanylýar. Salonda öňki elementler saklandy, ýöne Uconnect 5 multimedia ulgamynyň 12 dýuýmlyk ekrany we kämilleşdirilen proýeksiýa displeýi goşuldy. Esasy wersiýa 420 at güýjüni we 635 Nm aýlanma güýjüni berýän goşa turbinaly 3,0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylýar. Esasy täzelik Grand Wagoneer REEV (Range Extended Electric Vehicle) gibrid wersiýasy bolar. Ol 92 kWt/sag sygymly akkumulýatory we Pentastar V6 benzin hereketlendirijisini alar. Umumy kuwwat 647 at güýjüne, aýlanma güýji 840 Nm ýetýär. Ýol ätiýajy bolsa 805 km-den geçýär. 96 km/sag çenli tizligi artdyrma bäş sekunt töweregi wagt alýar. Täze Grand Wagoneer-iň önümçiligi 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar, gibrid wersiýa biraz giç çykar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir