Şokolad öndürijiler kakao noýbalary üçin bahanyň arzanlamagyna we çig malyň has arzan ösümlik ingredientleri bilen çalşylmagyna garamazdan, öz önümlerine bolan islegiň pese gaçandygyny hasaba aldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Hünärmenler muny köp şokolad kompaniýalarynyň häzirem iň ýokary bahalar bilen satyn alnan kakao ätiýaçlyklaryny ulanýandygy bilen baglanyşdyrýar. Netijede, 2025-nji ýylda kakao ýagy üçin baha 75% pese gaçandan soň, kakao noýbalaryny gaýtadan işlemek onuň ornuny tutujylary ulanmak bilen deňeşdirilende has amatsyz boldy. Circana gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Demirgazyk Amerikada bir ýylda şokolad süýjüleriniň satuwy 21% azaldy. Niderlandlaryň Rabobank kooperatiw bankynyň uly analitigi Juliýa Býuh pudagyň ýokary çykdajylar bilen “täze kada” girýändigini, munuň hem öndürijilerden üýtgeýän şertlere yzygiderli uýgunlaşmagy talap edýändigini belledi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, gymmat süýjülikler bilen kakaonyň ornuny tutujylary öz içine alýan has arzan önümleriň utgaşmasy dünýäde kakao noýbalary üçin islegiň uzak möhletleýin çaklamasynda näbellilik döredýär.