Ýewrokomissiýa bäsdeşlige garşy nyrh emele getiriş tejribesi üçin Gucci, Chloé we Loewe brendlerine umumylykda 157 mln ýewro jerime saldy. Bu barada ÝK-nyň beýanynda aýdylýar. Derňew bu brendleriň garaşsyz satyjylara harytlar üçin öz bahalaryny goýmaga mümkinçilik bermändigini görkezdi. Ýewrokomissiýa şeýle hereketleriň bahalary ýokarlandyryp, alyjylar üçin saýlamak mümkinçiligini azaldandygyny belleýär. Hususan-da, kompaniýalar satyjylaryň söwda strategiýalaryna goşulyp, maslahat berlen bölek satuw bahalaryndan gyşarmaga, ýokary arzanladyşlara we belli satuw döwürlerine çäklendirme girizipdir. Bu hem dükanlary nyrh emele gelşinde özbaşdaklykdan mahrum edip, olaryň arasyndaky bäsdeşligi azaltdy. ÝK-nyň belleýşi ýaly, brendleriň esasy maksady satyjylar tarapdan bolup biljek bäsdeşlikden öz satuwyny goramakdy. Düzgün bozma tutuş Ýewropa ykdysady zolagyna täsir etdi. Şeýle tejribeler Ýewrokomissiýanyň duýdansyz barlagy başlandan soň, 2023-nji ýylyň aprelinde bes edildi. Brendler biri-birinden garaşsyz hereket etdi. Iň uly jerime Gucci brendine salyndy – 119,7 mln ýewro. Chloé üçin jerime 19,7 mln ýewro, Loewe üçin 18 mln ýewro boldy. Üç ýagdaýda-da jerime mukdary kompaniýalaryň Ýewrokomissiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegi sebäpli azaldyldy.