“Altyn topuň” sekiz gezek eýesi we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony Lionel Messi ýaşlar toparlary üçin täze ýaryşyň – Messiniň Kubogynyň döredilendigini habar berdi. Bu barada ol Instagram sahypasynda aýtdy. Ýaryş 9-njy dekabrdan 14-nji dekabr aralygynda Maýamide (Florida ştaty, ABŞ) geçiriler. Messiniň aýtmagyna görä, eýýäm dürli ýurtlardan öňdebaryjy klublar ýaryşa gatnaşýandygyny tassyklady: Argentinadan “Riwer Pleýt” we “Nýuells Old Boýz”, amerikan “Inter Maýamisi”, ispan “Barselonasy” we “Atletikosy”, “Çelsi” we “Mançester Siti” iňlis klublary, şeýle-de “Inter” italýan kluby. Messi 38 ýaşynda. Ol 2023-nji ýyldan bäri “Inter Maýamide” çykyş edýär. Karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň “Barselona” we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klublarynda oýnady, on gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, dört gezek Çempionlar ligasynda we üç gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Messi 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogyny, 2022-nji ýylda Finalissimany utdy, 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy.