“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär. Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi. Şeýle-de, çärä Raýan Mýorfi, Sara Polson, Nisi Neş we Kaýl Maklahlen gatnaşdy. Kinematografçylar aktrisany bu üstünligi bilen gutlady. Uotts minnetdarlyk bildirip, öz durmuşyna täsir eden üç adamy: ejesini, režissýor Dewid Linçi we teleprodýuser Raýan Mýorfini aýratyn belläp geçdi. Aktrisa ejesiniň özünde hyýallaryny ösdürip, teatra alyp gidendigini, Linçiň bolsa kasting-müdiri Joanna Reý bilen bilelikde oňa bu kärden gitmezlige ynandyrandygyny gürrüň berdi. Mundan başga-da, Uotts öz agentlerine, menejerlere we toparyň beýleki agzalaryna, şeýle-de “iki ajaýyp rol” (“21 gram” we “Býordmen”) üçin režissýor Alehandro Inýarritu minnetdarlyk bildirdi. Aktrisa “21 gram” we “Mümkin däl” filmlerindäki keşpleri üçin iki gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Onuň belli keşpleriniň arasynda “Jaň”, “King Kong”, “Bezelen wual”, “Gyzykly oýunlar”, “Sen syrly nätanyşa duşarsyň” we “Çetleşmek” bar.