Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär. Ýöne DGX Spark adaty ulanyjylar üçin däl-de, emeli aň bilen işleşýän işläp düzüjiler, ylmy gözlegçiler we talyplar üçin niýetlenýär. Onuň kömegi bilen has çylşyrymly modelleri gönüden-göni kompýuteriň özünde işledip bolýar. DGX Spark 20 ýadroly Grace prosessory bilen CUDA ýadroly Blackwell grafiki prosessoryny birleşdirýän GB10 Grace Blackwell super-çibi bilen enjamlaşdyryldy. Bäşinji nesil tenzor ýadrosy we FP4-üň goldawy bilen kompýuter sekuntda 1000 trln çenli EA-hasaplaýyş amallaryny ýerine ýetirip bilýär. Superkompýuter 128 GB LPDDR5x ýadyna, 4 TB içki saklaýja, dört USB-C portuna, Wi-Fi 7-ä we HDMI portuna eýe boldy. Ol NVIDIA DGX operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýär. DGX Spark kompaniýanyň Cosmos Reason (daşky dünýäni modelirlemek üçin) we GR00T N1 (robototehnika üçin) ýaly modelleri bilen doly gabat gelýär. Ony özbaşdak iş stansiýasy hökmünde ulanmak ýa-da has göwrümli meseleler üçin Nvidia DGX bulut infrastrukturasyna birikdirmek bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir