General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär. GM bu çözgüdiň bazardaky ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny aýdýar: elektromobillere bolan isleg ýokarlanýar, wodorod ulaglary üçin bolsa stansiýalar çäkli bolup galýar – ABŞ-da olaryň sany 70-den az. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa Detroýtda 55 mln dollarlyk wodorod gözleg merkeziniň gurluşygyny hem ýatyrdy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa senagat we stasionar ulanylyş üçin ýangyç elementlerini öndürmek boýunça Honda bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Wodorod awtomobillerinden ýüz öwürmegi GM kompaniýasyny Toyota we BMW-den tapawutlandyrýar. Olar bu tehnologiýany ýük ulaglary we uzak ýol ulaglary üçin ösdürmegini dowam etdirýär. Amerikan kompaniýasy bolsa maýa goýumlary tiz ödemegine we döwlet goldawyna bil baglap, elektromobillere ünsi gönükdirýär. Çözgüt GM-iň elektromobil hatarlarynyň esasynda duran Ultium platformasyny ösdürmek bilen hem baglanyşyklydyr. Kyn çärýeklerden we girdeji basyşyndan soň, kompaniýa çykdajylary azaldyp, elýeterli elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine geçişi çaltlaşdyrmak isleýär. Şeýlelikde, GM öz taryhynda wodorody transportyň geljegi hökmünde gören sahypasyny ýapýar. Indi ileri tutulýan ugur batareýa, infrastruktura we elektrik tehnologiýalary ösdürmek boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir