ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duýdansyz hereketleri gazna bazarynda üýtgemeleriň bolmagyna getirýär, ýöne ýagdaýyň sähel gowulaşmagy-da maýadarlara ummasyz pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Şu hepdäniň başynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gepleşiklerinde öňegidişligiň alamatlary tehnologiýa pudagynyň on iri wekiliniň umumy baýlygynyň 60 mlrd dollar ýokarlanmagyna getirdi. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Ilon Mask öz baýlygyny 16 mlrd dollar artdyrdy – indi ol 453 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellison 15,6 mlrd dollar, Dell Technologies kompaniýasynyň esaslandyryjysy Maýkl Dell 6,58 mlrd dollar baýady. Google-yň esaslandyryjylary Larri Peýj bilen Sergeý Briniň her biri öz baýlygyna 5 mlrd dollar, Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huang bolsa 4,43 mlrd dollar goşdy. Meta Platforms kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Mark Sukerbergiň baýlygy 3,38 mlrd dollar, Amazon-yň egindeş esaslandyryjysy Jeff Bezosyňky 2,65 mlrd dollar artdy. Microsoft-yň öňki baş direktory Stiw Balmer bolsa 886 mln dollar baýady. On baý adamyň dokuzysy tehnologiýa pudagynyň wekili bolup, diňe biri başga pudaga degişli. Ol gözellik harytlarynyň satuwy bilen meşgullanýan fransuz telekeçisi Bernar Arno boldy. Trampyň, hytaý harytlary üçin gümrük paçlaryny ýokarlandyrmak haýbatyna garamazdan, Hytaý bilen “ähli zadyň gowy boljakdygyny” aýtmagy maýadarlara güýç berdi. ABŞ-nyň Prezidenti bu babatda alada etmezlige çagyrdy. Bu hem IT ägirtleriniň paýnamalarynyň ýokarlanmagy üçin ýeterlik boldy. Duşenbe güni amerikan birža indeksleri 1,29%-den 2,18%-e çenli ýokarlandy. Emeli aň bilen baglanyşykly tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary has güýçli ýokarlandy. Hatda Tesla hem goldaw aldy: hytaý zawodynda önümçiligiň ýokarlanmagy maýadarlaryň Ilon Maskyň kompaniýasynyň geljegine bolan ynamyny berkitdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir