14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.