Gazagystanyň Almaty welaýatynda dünýä rekordy goýuldy – müň sany bir örküçli düýeden ybarat kerwen dünýäde iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu barada welaýat häkimliginde habar berildi. 20-nji sentýabrda Ili etrabynyň Kurty obasynda kerwen bir kilometr aralygy geçdi. Rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Riçard-Uilýam Stenning tarapyndan ýazga alyndy, häzir bolsa resmi taýdan hasaba alyndy. Stenning bu wakanyň üýtgeşikdigini, çünki ähli düýeleriň bir adama degişlidigini, beýleki ýurtlarda bolsa şeýle ýörişleriň, adatça, dürli hojalyklardan jandarlary ýygnaýandygyny belledi. Hünärmen Gazagystanyň özünde uly täsir galdyrandygyny we indiki gezek syýahatçy hökmünde ýurda gelmek isleýändigini aýtdy. Taslamany öňe süren we kerweniň eýesi, “Daulet-Beket” jogapkärçiligi çäkli guramanyň direktory Sydyk Dauletow taýýarlygyň ýarym ýyl töweregi wagt alandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, müň düýäni ýygnamak aňsat iş bolmady, ýöne topar baş alyp çykdy. Dauletow geljekki meýilnamalary bilen hem paýlaşdy: ol düýe süýdünden alynýan gazak içgisi şubatanyň (çal) festiwalyny geçirmek isleýär. Ol taslamanyň we geljekki festiwalyň maksadynyň adamlara sähranyň milli däp-dessurlaryny we medeniýetini ýatlatmakdygyny aýtdy.