Şu gün, 15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Lebap welaýatyna iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow ýörite gurnalan mejlisler zalynda toplumyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli söz sözledi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Daewoo» koreý kompaniýasy ýerine ýetirer. Superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edilenden soňra, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju çykyş etdi. Soňra döwlet Baştutany Lebap welaýatynda guruljak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýörite gutuda ýadygärlik ýazgy galdyryp, il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze toplumyň gurluşygyna ak pata berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak himiýa kärhanasy ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hem-de içerki sarp edijileri has ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir