Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi. Birinji tapgyrda bäş oýun elýeterli bolar: LEGO Party! Boggle Party Pictionary: Game Night Tetris Time Warp Party Crashers: Fool Your Friends Oýunlary ýekelikde ýa-da dostlaryň bilen oýnamak mümkin. Dolandyryjy hökmünde smartfon ulanyp bolýar — munuň üçin ekrandaky QR koduny skanirlemek ýeterlik. Başda ähli oýunlar mugt bolar. Pitersiň sözlerine görä, telewizorlarda oýunlaryň çykarylyşy Netflix-iň ösüş başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Ol öň käbir kino we tele kompaniýalaryň wideo oýunlar bazaryna girmegi synanşandygyny, ýöne netije gazanmandygyny belledi.