Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4200 dollardan geçdi. 14-nji oktýabrda söwdanyň dowamynda Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (COMEX) gymmatly metal üçin dekabr fýuçersleri 1,12% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 4210 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen 8:50-ä çenli maglumatlar delillendirýär. Altynyň bahasynyň ýokarlanmagy ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda dartgynlylygynyň gaýtadan başlamagy sebäpli maýadarlaryň ygtybarly aktiwlere bolan gyzyklanmasynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Kümüş üçin dekabr fýuçersleri hem ilkinji gezek bir unsiýa üçin 52 dollardan geçip, taryhy rekordy goýdy. Iň ýokary baha 52,215 dollara ýetdi. Soňra ol 51,8 dollar derejesine geldi. Ýylyň başyndan bäri altyn, takmynan, 55%, kümüş – tas 70% gymmatlady. Analitikler geosyýasy we ykdysady durnuksyzlyk sebäpli şu ýyl maýadarlaryň we merkezi banklaryň gymmat bahaly metallara işjeň gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Häzir kümüş aýratyn üns merkezinde boldy: hödürlemäniň ýetmezçilik etmegi bahalaryň ýokarlanmagyna getirýär. Zergärlik we zikge bazaryndan başga-da, bu metal senagatda – elektromobillerde, Gün panellerinde, batareýalarda we lukmançylykda giňden ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde, ätiýaçlygyň az, islegiň bolsa ýokary bolmagy birnäçe pudaklara täsirini ýetirip biljek ýetmezçilik töwekgelçiligini döredýär. ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň ykdysady syýasatyndaky kesgitsizlikler olaryň walýutalaryny gowşadýar we maýadarlar altyna hem kümüşe maýa goýmak bilen, dollar, ýewro we ýena bilen bagly töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrýar.