5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar. Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň sebitleýin hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we ulag baglanyşygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir