Tuwalu ada-döwleti özüniň 11 müň raýatynyň ählisini deňziň derejesiniň ýokarlanmagy we deňiz harasatlaryň köpelmegi bilen bagly göçürmäge taýýarlanýar. 2023-nji ýyldan başlap, ýurduň Awstraliýa bulen howa ygtyýarnamasy esasynda göçýänleri kabul etmek barada ylalaşygy hereket edýär. Tuwalunyň ortaça belentligi umman derejesinden bary-ýogy 2 metrdir. Howanyň gyzmagy diňe bir buzluklaryň eremegine däl, häzir adany basýan deňiz tupanlarynyň hem ýygjamlaşmagyna getirdi. «Wired» neşiriniň habaryna görä, 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Awstraliýa geňeşi göçmek barada 9 müňe golaý arza kabul etdi, bu adanyň uly ýaşly ilatynyň tas ýarysydyr. Habarda on ýylda ada-döwleti ilatyň tas ýarysynyň terk etjekdigi bellenýär. Ilaty göçürmek dowam edýärkä, Tuwalunyň hökümeti adalaryň 3D-skanirlenmegine girişdiler. Bu ýitirilen landşaftyň we medeni ýerleriň sanly nusgasyny saklamak üçin amala aşyrylýar. Has dogrusy, bu ýitip barýan ýurt barada taryhda yz galdyrmak üçin edilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2050-nji ýyla çenli kenarýaka şäherleriň ýüz millionlarça ýaşaýjysy dowamly gark bolma bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. BMG-niň bahalandyrmagyna görä, eýýäm häzir deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş dünýäde milliard töweregi adama howp salýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir