Şu gün Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle-de mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär mekdeplerine giriş synaglary başlandy. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Turkmenportala» habar bermegine görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary 14 — 27-nji iýul aralygynda kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary 18-nji awgusta çenli kabul ediler. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 hünäriň, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugrunyň açylandygyny habar beripdik.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir