Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy. Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy. Ulanyjylar ýaş kategoriýasyna laýyk gelmeýän programmalary ýükläp alyp bilmez. Apple hem App Store mahabatlarynda ýaş çäklendirmeleri bolan programmalary görkezmez, olaryň deregine ýaşa laýyk gelýän programmalary hödürlär. ·13+ kategoriýasy alkogoly agzamaga we ýeňil ýalaňa rugsat berýär. ·16+ kategoriýasy ulular üçin temalara we onlaýn funksiýalara doly elýeterli bolmaga rugsat berýär. ·18+ kategoriýasy programmalarda zorluk sahnalarynyň we humarly oýunlaryň bolmagyna mümkinçilik berýär. Programmalary işläp düzüjiler täze anketany 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli doldurmaly. Bu talaplar berjaý edilmedik ýagdaýynda olar App Store-da öz programmalaryny täzelemek mümkinçiligini ýitirer. Reýtingi görkezilmedik programmalar dükana goşulmaz, ýöne olary Ýewropa Bileleşiginde başga serwisler we saýtlar arkaly ýaýratmak bolar. Täze ulgam häzir beta-synagdan geçýär we şu güýzde doly işe giriziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir