ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär. Maglumatlar Şanhaýda geçirilen Bütindünýä emeli aň konferensiýasynda mälim edildi. Gözleg 46 ýurdy öz içine aldy we bäş ölçege esaslandy: esasy goldaw, ösüş üçin resurslar we şertler, ylmy we tehnologiki gözlegler, senagat ulanylyşy we halkara hyzmatdaşlyk. Jemi 39 görkeziji ulanyldy we olaryň her biri üç derejeli şkala boýunça bahalandyryldy. Hasabata görä, ABŞ we Hytaý esasy görkezijiler boýunça beýleki ýurtlardan ep-esli öňe geçýär. EA çiplerini öndürijileriň, öňdebaryjy hünärmenleriň, ylmy makalalaryň we ösen EA modelleriniň uly bölegi bu iki ýurduň paýyna düşýär. Bahalandyryşyň netijeleri boýunça, ABŞ 100-den 77,97 bal, Hytaý – 58,01, Beýik Britaniýa – 36,60 bal gazandy. Şeýle-de, onluga Ýaponiýa (33,77), Günorta Koreýa (33,48), Germaniýa (32,22), Singapur (31,57), Fransiýa (30,98), Kanada (29,79) we Hindistan (29,41) girdi. Russiýa 17,49 bal netije bilen 30-njy orunda ýerleşdi. Bütindünýä emeli aň konferensiýasy 26 – 28-nji iýulda Şanhaýda geçirildi. Ol 2018-nji ýyldan bäri her ýyl EA tehnologiýalarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly kompaniýalaryň, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetleriň wekillerini we hünärmenleri bir ýere jemleýär.