Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar. Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar. Bu dizaýn üçin Apple-yň iOS 26-syndan ylham alnan bolsa-da, Xiaomi-niň özüne mahsus usul bilen ýerine ýetirilýär. Esasy üýtgeşmeleriň hatarynda dolandyryş merkeziniň täzeden düzülmegi, täze nyşanlar we ulgam programmalarynyň arasyndaky sazlaşygyň güýçlendirilmegi bar. HyperOS 3-de interfeýsdäki ýazgylaryň okalyp bilinmegine aýratyn üns berilýär. Täzelenen esasy ekranda aç-açan gözleg setiri, täzelenen batareýa we Wi-Fi nyşanjyklary hem-de has akgynly animasiýalar bolar. HyperOS 3 Android 16-a esaslanar. Şeýle-de bolsa, käbir enjamlar tehniki aýratynlyklaryna görä Android 15-de galar. Çaklamalara görä, bu täzelenme 96 enjamy öz içine alar. Olaryň 33-si Xiaomi-niň flagman modelleri, 44-si Redmi brendi bilen çykarylan enjamlar we galan 19-sy bolsa Poco brendi bilen baglanyşykly enjamlar bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir