Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy. Meseleler çözülende Google Gemini Pro we ChatGPT-niň hersi 1 bal aldy, Grok 3 bolsa 2 bal toplady. Şuňa meňzeş netijeler matematiki hasaplamalarda hem ýüze çykdy. Terjime tabşyryklarynda iň gowy netije ChatGPT bilen Perplexity Pro çat-botlaryna degişli boldy. Grok 3 çylşyrymly sözlemleri manysyna görä däl-de, has sözme-söz terjime edip, ähli gatnaşyjylaryň arasynda iň pes netijäni görkezdi. Synaglaryň netijesi boýunça iň ýokary baly ChatGPT aldy – 29. Ikinji orny 24 bal bilen Grok 3 eýeledi, onuň yzysüre Gemini Pro geldi (22 bal). Iň pes netije 19 bal bilen Perplexity Pro çat-botyna degişli boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir