Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Kanadanyň güni - esasy döwlet baýramçylygy bolup, ol 1867-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Britan Demirgazyk Amerikasy hakynda Jarnamanyň esasynda Britaniýanyň Demirgazyk Amerikadaky ähli koloniýalarynyň Kanada dominionyna birleşmegi mynasybetli bellenilip geçilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir