Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşynyň nobatdaky tapgyry başlandy. Ýurduň sebitlerinden gelen çagalar Aşgabadyň demir ýol menzilinde mähirli garşylandy. «Mekan» köşgüniň öňündäki meýdançada olary Köpetdagyň sapaly künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy guraldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, çagalar bezelen awtobuslarda uly şatlyk bilen gözel Gökderä tarap ýola düşdüler. Bu ýerde hereket edýän 14 sany sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu tomusky dynç alyş möwsüminde 21 müňden gowrak çaganyň saglygyny berkitmek, olaryň wagtlaryny şadyýan we manyly geçirmegini gazanmak bellenildi. Merkezlerde çagalar aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen uly ruhubelentlikde garşy alyndy. Tomus dynç alşynyň şadyýan geçmegi üçin merkeziň işgärleri, mugallymlar hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde çagalara ussat aşpezler tarapyndan taýýarlanylýan tagamly naharlar, datly ir-iýmişler hödürlenilýär. Çagalar 16-njy iýula çenli dürli dynç alyş çärelerine, gezelençlere, gurnaklara we bäsleşiklere gatnaşyp, wagtlaryny şadyýan geçirerler. Soňra çagalaryň ýene bir tapgyryny kabul etmek göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir