29-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu gatnaşyklar berk dostluk, özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, ähli ugurlar boýunça netijeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly ösdürilýär. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy dialog, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir