29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. TDH agentliginiň habar berşi ýaly, Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Döwletara gatnaşyklar açyklygy, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.