Birnäçe amerikaly ýazyjylar Nýu-Ýorkuň Federal kazyýetine Microsoft kompaniýasyna garşy şikaýat bilen ýüz tutdy. Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýa «Megatron» atly dil modelini türgenleşdirmek üçin awtorlaryň rugsady bolmazdan, bikanun göçürilen sanly eserleriň nusgalaryny ulanýar. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. Şikaýatçylaryň arasynda Kaý Berd, Jia Tolentino, Deniel Okrent we beýlekiler bar. Kazyýet işinde aýdylyşyna görä, Microsoft awtorlaryň razylygy bolmazdan, takmynan, 200 müň kitaby öz içine alýan maglumat binýadyny ulanypdyr. Ýazyjylaryň pikirine görä, şol materiallar emeli aňa asyl eserleriň stiline öýkünip, olaryň leksikasyny, söz düzümini we temasyny gaýtalaýan tekstleri döretmäge mümkinçilik berýär. Olar muny awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy hasaplaýarlar. Bu şikaýat Kaliforniýadaky kazyýetiň şuňa meňzeş iş boýunça Anthropic kompaniýasy bilen baglanyşykly çykaran kararyndan bir gün soň berildi. Ol kazyýet işinde kazy tehnologik kompaniýanyň awtorlaryň rugsady bolmazdan çap edilen kitaplary ulanmagyna rugsat beripdi. Bu karar ABŞ-da şeýle ýagdaý boýunça ilkinji nusgalyk çözgüt boldy. Ýazyjylar Microsoft-dan emeli aňy öz işleriniň esasynda türgenleşdirmegi bes etmegini we her bir eser üçin 150 müň dollara çenli öwez tölegini bermegini talap edýärler. Jemi ýetirilen zyýanyň möçberi entek kesgitlenmändir. Microsoft-yň aklawçylary bu ýagdaý boýunça düşündiriş bermediler. Şikaýatçylaryň adwokaty hem bu işiň aýratynlyklaryny nazara alyp, teswir bermekden saklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir