Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy. Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygary astynda geçiriljek "OGT - 2025" maslahaty 60-dan gowrak ýurtdan wekilleri özünde jemläp, aşakdaky esasy mowzuklara üns berer: Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Durnukly energetiki ösüşe ýardam bermek BMG-niň yglan eden Parahatçylyk we ynam ýylynyň çäklerinde; Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak; Dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler; Uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri; Uglewodorod çykaryşynda emeli aňyň artýan orny. Dünýäde pes uglerodly energetika geçişiniň çaltlaşýan döwründe, Türkmenistan hem energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan dünýäde iň uly ýerasty gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käniniň ösüşiniň indiki tapgyrlaryndan başlap, güýçli gün we ýel energetika taslamalaryna çenli halkara maýa goýujylar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Halkara maýa goýujylara we hünärmenlere şu ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener: Galkynyş gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri; Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy; Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary; Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi; Gazy gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi; Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar (mysal üçin: Altyn Asyr kölüniň ýanyndaky gün-ýel elektrik stansiýasy). Forum barada giňişleýin maglumat üçin onuň resmi web sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir