Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweriniň ilkinji suratlaryny hem-de modeliň ýyllar boýy üýtgeýşini görkezýän tizer-wideony paýlaşdy. Wideoda ilkinji nesillerdäki burçly dizaýndan tä häzirki zaman aýlawly formalara, täze nusgawy görnüşe çenli ösüş görkezilýär. Täze şekillerden çen tutulsa, Jeep Cherokee öňki döwürlere mahsus bolan has adaty, burçly dizaýn stiline dolanýar. Şol bir wagtda täze görnüşiň korpus çyzyklary has ýumşak bolýar. Ilkinji gezek ulagyň arkasyndan düşürilen surat hem görkezildi — ol ýerde yşyklar, bagaž gapysy we sütünler görünýär. Alnan maglumatlara görä: Täze Cherokee Stellantis kompaniýasynyň STLA Large platformasynda gurlar. Ilki bilen gibrid wersiýada çykmagyna garaşylýar. Geljekde adaty benzin/dizel motorly hem-de doly elektrik wariantlary hem meýilleşdirilýär. Model, Jeep hatarynda Compass bilen Grand Cherokee-niň arasynda ýerleşdiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir