Britaniýaly žurnalist we moda dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýan Anna Wintur «Vogue» amerikan žurnalynyň baş redaktory wezipesinden çekilýär. Ol bu wezipede 37 ýyl işledi diýip, «Condé Nast» mediakompaniýasyna salgylanyp, CNN habar berýär. Ol bu karary barada kärdeşlerine 26-njy iýunda mälim edipdir. Baş redaktor wezipesinden çekilýändigine garamazdan, Wintur «Condé Nast» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Ol «Vogue» žurnalynyň ählumumy redaksion müdiri hem-de «Condé Nast-yň» baş mazmun direktory wezipelerini saklap galar. Wintur bu wezipelerde mediaholdingiň «Vanity Fair», «Wired», «GQ», «Architectural Digest», «Bon Appétit» we «Condé Nast Traveler» ýaly halkara neşirlerine gözegçilik edýär. Anna Wintur häzir 75 ýaşynda. Ol Vogue žurnalynyň baş redaktory wezipesine 1988-nji ýylda bellendi. Wintur hemişe kämillige ymtylmasy we ýokary hünär ussatlygy, şeýle-de amerikan dizaýnerlerine berýän giň goldawy hem-de yzygiderli ýüze çykarýan täze atlary bilen tanalýar. Pudagyň köp sanly ýyldyzynyň üstünlikli karýerasy onuň beren «ünsi» bilen başlady. Beýleki bir tarapdan, Anna Wintur ýolbaşçylykda berk we gaty talapkär häsiýeti bilen hem meşhurdyr. Şonuň üçinem oňa «Ýadro gyşy» (Nuclear winter) diýip lakam dakdylar. Bu at Wintour (Wintur) bilen winter (gyş) sözleriniň meňzeşligine esaslanýar. Şeýle-de belläp geçsek, «Melgun Prada geýýär» (The Devil Wears Prada) filmindäki baş gahrymanyň, ýagny Miranda Pristliniň keşbi Wintura esaslanyp döredilipdir. Filmde keşbi meşhur aktrisa Meril Strip ýerine ýetirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir