Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ikinji beta-wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme bilen kompaniýa täze interfeýs dizaýny bolan Liquid Glass-daky esasy meseleleriň birini düzetdi. Täze interfeýs ýokary aç-açanlykly aýnanyň optiki aýratynlyklaryndan ylham alyp işlenipdi. Ilkinji beta-wersiýada ulanyjylar esasan “Dolandyryş merkezi” (ekranyň sag ýokarky burçundan aşak süýşürilip açylýar) bilen baglanyşykly şikaýat edipdiler: Ýarym aç-açan fon, baş ekrandaky elementler bilen birleşip, düwmeleriň we süýşüriji elementleriň okalmagyny kynlaşdyrýardy. Täze wersiýada Apple bu meseläni çözmek üçin fonuň dumanlylygyny güýçlendirdi. Bildirişler bilen hem baglanyşykly nägilelikler bardy: Olaryň teksti baş ekranyň üstünde sähel görünýärdi. Apple tekstiň kontrastyny ýokarlandyryp, okalmagyny gowulandyrdy. Emma belli bir ýagdaýlarda — ýagty ýa-da açyk fonda — bildirişleriň okalmasy entek hem gowulaşmaga mätäç. iOS 26-nyň umumy elýeterli wersiýasy güýzde çykarylar diýlip garaşylýar. Apple ulanyjylaryň teswirlerine çalt jogap berip, interfeýsi test tapgyrynyň özünde üýtgedýär. Ikinji beta-wersiýada peýda bolan beýleki täzelikler: App Store-daky programmalaryň sahypalarynda täze “Ýörite mümkinçilikler” («Специальные возможности») bölümi peýda boldy; iPad üçin Journaling programmasy bilen iCloud sinhronizasiýasy işledildi; Apple Wallet-de zakazlary yzarlamak mümkinçiligi goşuldy; Täze Apple Music Radio widjeti peýda boldy. Şeýle hem başga-da birnäçe täze mümkinçilikler girizildi. Täzelikleriň doly sanawy bilen Apple-yň degişli sahypasynda tanşyp bolýar.