14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehan bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda daşary işler ministri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegine aladalylygyny bildirýändigini hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen, islendik meseleleri çözmek üçin güýç ulanylmagyna garşy çykyş edýändigini belledi. Öz nobatynda, Eýranyň ilçisi soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalara Eýranyň garaýşy bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy. Şol bir wagtda, islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Ilçi Eýranyň halky üçin wajyp ähmiýeti bolan ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna hoşallygyny bildirdi. Hususan-da, eýranly diplomat sebitiň goňşy döwletleriniň birine amala aşyran saparyndan soňra Türkmenistanyň çägi bilen Watanyna dolanýan Eýranyň resmi wekiliýetine hemmetaraplaýyn hemaýatyň berilendigi üçin türkmen tarapyna sagbolsunyny beýan etdi.