14-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna resmi hatlaryny iberdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti BAE-niň awiakompaniýalarynyň 13-nji iýunda Aşgabat halkara howa menziline mejbury gonmagy bilen baglanyşykly türkmen tarapynyň ýardamy we ynsanperwer goldawy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirilýär. Diplomatyň bellemegine görä: «Uçuşyny dowam etdirip bilmedik ýolagçylara Aşgabadyň howa menzilinde myhmansöýerlik bilen garşy alnyp, iýmit we suw bilen üpjün edilmegi bizde çuňňur kanagatlanma döredýär. Bu waka Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mahsus bolan ynsanperwer gymmatlyklaryň aýdyň beýany boldy». Şeýle hem bu ynsanperwer hereketiň iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyny, birek-birege ynamy pugtalandyrýandygyny hem-de hakyky hyzmatdaşlyk ruhuny şöhlelendirýändigi nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir