Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşikde hödürleniljek taslamalar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly çözgütleri we täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.