Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna gutlag iberdi. "Sizi ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýlip, gutlagda aýdylýar. Döwlet Baştutany uçurymlara ýüzlenip, olaryň taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahsyýetlerimiziň edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýörelgelerini özüňize nusga edinip, parasatly pederlerimiziň şöhratyny arşa götermelidigini nygtaýar. "Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna ýokary derejede ussatlyk bilen erk edip, Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezmelisiňiz. Halkymyzyň lebzihalallyk, mertlik, pespällik ýaly belent ruhy gymmatlyklaryny özüňizde jemläp, watanperwer gerçekleriň mynasyp dowamaty bolmalysyňyz" diýlip, gutlagda aýdylýar. "Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watan mukaddesliginiň gadyr-gymmatyna birkemsiz düşünýän, pederlerimiziň mertlik ýoluna eýerýän, harby sungatdan ussatlyk bilen baş çykarýan we harby tehnikalara ezberlik bilen erk edýän, mukaddes Watanymyzyň goranmak ukybyny, serhetlerimiziň mizemezligini pugtalandyrmaga, döwletimiziň howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik asudalygynyň goragyny üpjün etmäge saldamly goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamakda serkerde-mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Siziň bu işde yhlas-başarnyklaryňyzy gaýgyrman, giň gözýetimli, ýokary ahlakly we beden taýdan sagdyn, Watanymyza wepaly ýaşlary ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigiňize berk ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.