Kaliforniýanyň Berkli şäherinde Epoch AI tarapyndan gurnalan iki günlük ýapyk çäre geçirildi. Çärede dünýäniň 30 sany öňdebaryjy matematigi OpenAI-yň o4-mini çat-boty bilen bäsleşdi. Maksat neýro ulgamyň çylşyrymly logiki piker ýörediş ukybyny barlamakdy. Alymlara synagyň arassalygyny üpjün etmek üçin çäräni ara alyp maslahatlaşmak gadagan edildi diýip, Scientific American neşiri çäre barada üç hepde soň habar berdi. Matematikler okuwçylara niýetlenenden başlap barlaglar üçin düzülene çenli dürli derejedäki çylşyrymly 300 özboluşly meseläni taýýarladylar. 2024-nji ýylyň iýulynda tygşytly model hökmünde tanyşdyrylan o4-mini eýýäm taýýarlyk döwründe meseleleriň takmynan 20%-ini çözdi. Duşuşykda alymlar aýratyn kyn on soragy teklip etdiler. AI-niň çözüp bilmejek her bir meselesi üçin awtora 7500 dollar möçberinde pul baýragy goýuldy. Çat-bot gatnaşyjylary haýran galdyrdy. Mysal üçin, ol doktorlyk dissertasiýasy derejesindäki ýokary arifmetika degişli birnäçe meseläni üstünlikli çözdi. Taslamanyň dolandyryjysy, kazy we matematik Ken Ononyň belleýşi ýaly, neýroulgam edebiýaty öwrendi, meseläni ýönekeýleşdirdi we hakyky wagtda dogry çözgüt hödürledi. Ol: "Munuň ýaly pikirlenmäni öň modellerde görmändim. Bu matematik alymyň edýän zady. Bu gorkuzýar" – diýdi. Alymlar o4-mini petige direýän on meseläni tapan hem bolsalar, AI-niň ösüşine haýran galdylar. Neýroulgam adamyň hepdelerini ýa-da aýlaryny aljak birnäçe meseläni minutda çözdi. Gatnaşyjylar o4-mini-iň käbir ugurlar boýunça dünýäniň iň gowy aspirant talyplaryndan öňe geçendigini ykrar etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir