12-nji iýunda Türkmenistanyň Filippinlerdäki ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.) Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Saparynyň çäklerinde ilçi bu ýurduň Daşary işler we Syýahatçylyk departamentlerinde duşuşyklary geçirdi. Ilçi filippin tarapyny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna we 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem taraplar Aşgabat şäherinde syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasynda medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny ösdürmek hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda işleri dowam etdirmek barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, 11-nji iýunynda Ilçi A.Baýramow bilen Aziýanyň ösüş bankynyň Prezidenti Masato Kandanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bu iri maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu ýylda geçiriljek birnäçe çärelere gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.