Açyk reňkli, ýagny sary, ýaşyl ýa-da mämişi awtoulaglaryň bahasy gara, ak ýa-da çal reňkli awtoulaglaryň bahasyndan haýal düşýär. Bu barada iSeeCars barlagyna salgylanýan CarBuzz ýazýar. Üç ýylyň dowamynda sary awtoulaglar bahasynyň ortaça 24%-ni (ABŞ bazarynda 13 600 dollar), mämişi awtoulaglar 24,4%-ni, ýaşyl awtoulaglar 26,3%-ni ýitirýär. Deňeşdirmek üçin, gara awtoulaglar bahasynyň 31,9%-ni (15,400 dollar), ak awtoulaglar 32,1%-ni (15 500 dollar) ýitirýär. Bazar boýunça gymmatynyň gaçyş derejesi ortaça 31%. Gyzyl, goňur we gök awtoulaglar hem monohrom awtoulaglara garanda has haýal gymmatyny ýitirýärler. Seljerijiler muny açyk reňkdäki awtoulaglaryň gytlygy bilen düşündirýärler. Olar gara, ak ýa-da çal reňklere garanda az öndürilýär. Şeýle awtoulaglara isleg belli bir toparyň arasynda has ýokary, şu hem olaryň ulanylan ulaglaryň bazaryndaky bahasyny goldaýar. Şeýle-de bolsa, açyk reňkli awtoulag satyn alýanlar az we köplenç belli modelleri we konfigurasiýalary gözleýärler. Şol sebäpli şeýle awtoulaglary satmak kynrak. Lak-boýag materiallaryny öndüriji BASF-yň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda awtoulag bazaryndaky iň meşhur reňkler ak, gara we çal reňkler bolmagynda galdy. Sary reňk iki esse meşhur boldy, ýöne onuň paýy 1,5% -den geçmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir