Toyota kompaniýasy Finlýandiýanyň Harvia kompaniýasy bilen bilelikde wodorod bilen işleýän dünýäde ilkinji gyzdyryjyly saunany döretdi. Bu taslama iýul aýynyň ahyrynda Finlýandiýada geçiriljek rallide aýan ediler. Toyota-da bu taslamanyň wodorod energiýasyny ulanmagyň täze usullaryny öwrenmäge kömek edýändigini bellediler. Saunanyň gyzdyryjysy kömürturşy gazyny çykarmazdan diňe ýylylyk we suw öndürýär. Bu tehnologiýany ekologiýa taýdan arassa we adaty sauna düşünjesine laýyk edýär. Taslamany ilkinji gezek tanyşdyrmak üçin Finlýandiýa tötänden saýlanmady: 5,5 million ilaty bolan ýurtda takmynan 3,3 million sany sauna bar. Häzirlikçe sauna synag bolmagynda galýar we köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak barada maglumat ýok.