Hytaý çuň suwly ýerlerde buraw işlerini geçirmäge niýetlenen “Men Sýan” (terjimesi “Arzuw”) barlag gämisini işe girizdi. Ol, takmynan, 900 tonna agramy bolan buraw enjamy rekord çuňluga - 11 kilometre çenli düşürmäge ukyply diýip, New Atlas ýazýar. Gämi hytaýly inženerler tarapyndan işlenip düzüldi we guruldy. Onuň maksady - ummanyň düýbündäki ýer gabygyny öwrenmek hem-de Moho zolagy diýlip atlandyrylýan ýer gabygy bilen mantiýanyň araçägine ýakynlaşmaga synanyşmak bolup durýar. “Men Sýan” 2024-nji ýylyň güýzünde suwa goýberildi, ýöne işe 2025-nji ýylyň ahyrynda Günorta Hytaý deňzinde başlar we iş azyndan on ýyl dowam eder. Gäminiň uzynlygy 180 metre, ini 33 metre deň bolup, suwa sygyş agramy 42 000 tonnadan gowrak. Bortuna 180 adama çenli ýerleşýär. Özbaşdak 120 gün ýüzüp bilýär, hereket ediş radiusy bolsa 28 000 kilometr töweregi. Gämi özboluşly buraw ulgamy, dokuz sany ylmy toplum we kern - uly çuňluklardan alynýan toprakly silindrler saklanýan awtomatlaşdyrylan ammar bilen enjamlaşdyrylandyr. Platforma dürli režimlerde işläp bilýär: minerallary gözlemek, jynslaryň nusgalaryny ýokary galdyrmak, geologik düzümi, himiýany we mikrobiologiýany öwrenmek. Gämi taýfun we güýçli tupan ýaly kyn howa şertlerinde işlemäge ukyply edilip ýasalandyr. Eger missiýa üstünlikli bolsa, ol Ýeriň gurluşy barada täze maglumatlary almaga we belki-de täze energiýa çeşmelerini tapmaga mümkinçilik berer.