Dünýäniň köp ýurtlarynda çaga dogluş derejesi rekord pes görkezijilere ýetdi. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) täze hasabatynda aýdylýar. ÝUNFPA 14 ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Hindistanda, Braziliýada we Germaniýada 14 müň adamyň arasynda barlag geçirdi. Pikir soraşmalara görä, her bäşinji adam öz isleýän çaga sanyny dünýä indirip bilmeýändigini aýtdy. Munuň esasy sebäpleri ýaşaýyş bahasynyň ýokary bolmagy we maliýe kynçylyklary boldy. Pikir soraşma gatnaşanlar iş bilen ene-ata bolmagy utgaşdyrmagyň hem kyndygyny, şeýle-de döwlet tarapyndan goldawyň gowşaklygyny, saglyk bilen bagly näsazlyklary we syýasy durnuksyzlygy belledi. “Dünýä çaga dogluşynyň giň gerimde pese gaçyş döwrüne aýak basdy. Dogluş koeffisiýenti köp adamlaryň öz isleýän maşgalasyny gurup bilmejekdigini duýmagy sebäpli ep-esli derejede azalýar we bu, hakykatdanam, çökgünlik” – diýip, ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Nataliýa Kanem belläp geçdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzüniň ilaty 90 ýylda 3,1 mlrd adam artar. Esasy ösüşiň Afrikada, Aziýada we Latyn Amerikasynda bolmagyna garaşylýar. Ýewropada we Ýaponiýada, tersine, ilatyň sany azalyp biler. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 3,67 mln çaga dünýä indi, bu bir ýyl ozalkydan 5,4% azdyr. Şeýle-de, bu 1961-nji ýyldan bäri iň uly peselmedir. Birinji çagasy dünýä inen zenanlaryň ortaça ýaşy 29,8 ýaşa çenli ýokarlandy. ÝB-de demografiki pese gaçyş 2008-nji ýyldan bäri dowam edýär.