Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary – terrikonikleri sement önümçiliginde peýdalanmagyň usulyny tapdylar. Täze düzüm adaty sementden 21% has berk. Bu baradaky ylmy iş «Himiýa. Ekologiýa. Urbanistika» atly ýygyndyda «Prioritet 2030» maksatnamasynyň çäklerinde neşir edildi. Terrikonikler – kömür gazylyp alnanda emele gelýän boş dag jynslarynyň üýşmeleňidir. Olar öz-özünden ýanyp, howa zäherli maddalary goýberip biler: diňe bir terrikonik bir günde 4-5 tonna uglerod oksidini we 600-1100 kilogram aralygynda kükürt angidridini howa goýberýär. Terrikonikleriň rekultiwasiýasy gaty gymmada düşýär, üstesine-de, ösümlikleriň sagdyn ýetişip bilmeýändigi sebäpli, hemişe netijeli hem bolmaýar Alymlar terrikonikleri portlandsemente we betona goşmaça mineral hökmünde ulanmagy teklip etdiler. Bu usul materiallaryň berkligini, suw geçirmezligini we poslama garşylyklygyny artdyrýar, şeýle-de tebigy çig mallaryň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär. Alymlar Kizel kömür basseýninde, galyndylaryň mukdarynyň 13 million kub metre ýetýän ýerinde terrikonikleriň düzümine gözegçilik etdiler. Ýananlaryň düzüminde kwars, ýanmadyklarda bolsa kaolinit we kömür bar. Ýanmadyk terrikonik 700°C temperaturada ýakylansoň, ýokary işjeňlik görkezýär we sementiň hilini gowulandyrýar. Geçirilen synaglar görkezdi: sementiň 20%-ni ýanmadyk terrikonik bilen çalyşanyňda garyndynyň berkligi 21% artýar. Ýanan terrikonik bilen çalyşylanda bolsa, hiç hili diýen ýaly täsir etmeýär. Bu usul kömür basseýnlerinde emele gelen tehnogen galyndylarynyň möçberini ep-esli azaltmaga hem-de sement önümçiliginde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir