SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnundaky (Florida) SLC-37 uçuş toplumyny Starship raketasynyň zerurlyklaryna görä gaýtadan üýtgedip gurmaga deslapky ygtyýarnamany aldy. Ozal bu meýdançadan ULA kompaniýasynyň Delta IV raketalary uçurylýardy, indi bolsa ol SpaceX-e berildi. Taslama laýyklykda, beýikligi 182 metr bolan iki uçuş diňini gurmak meýilleşdirilýär – bu Starbase kosmodromyndakydan (Tehas) hem beýikdir, şeýle-de basgançaklaryň gonuşy üçin iki diň göz öňünde tutulýar. Bu toplumda Starship raketalarynyň ýylda jemi 76 uçuşyny we 152 gonuşyny (birinji basgançagyň 76 we ikinjiniň hem şonça gonuşy) amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Toplumyň çäklerinde metany suwuklandyrmak üçin zawod we kislorod hem azot almak üçin stansiýa gurlar. Şeýle infrastruktura Starbase-de eýýäm işleýär. Täze ýangyç ammarynda bolsa 16 500 tonna suwuk kislorod, 6 500 tonna suwuk azot we 5 000 tonna metan saklanar. Geljekde olaryň möçberi ulaldylar. Ýangyç Kennedi adyndaky Kosmos merkezinden we ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan turbo geçirijiler arkaly kabul ediler. Tutuş infrastrukturany energiýa bilen üpjün etmek üçin 130 kW podstansiýa gurlar. Florida Power and Light kompaniýasy 250 megawatta çenli elektrik bilen üpjün eder. Şeýle-de, Tesla Megapack akkumulýatorlary birikdirilip bilner. Köne desgalary sökmek işi şu hepde başlar. Ekologiýa barlagy heniz dowam edýär, ýöne deslapky baha bermeler düýpli töwekgelçilikleri ýüze çykarmady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir