Nintendo kompaniýasy Switch 2 konsolynyň kompaniýanyň taryhynda iň çalt satylýan pristawka bolandygyny habar berdi. Ilkinji dört günde bütin dünýäde 3,5 milliondan gowrak pristawka satyldy. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berdi. Deňeşdirmek üçin, Nintendo Switch-iň birinji wersiýasy çykanyndan soň ilkinji aýda 2,74 mln nusga bolup satyldy. Şeýlelikde, Switch 2-niň satuwy gysga wagtyň içinde konsolyň birinji wersiýasynyň netijesinden bir ýarym esse ýokary boldy. Ozal The Game Business neşiri Switch 2-niň Beýik Britaniýanyň taryhynda iň çalt satylýan Nintendo konsoly bolandygyny habar berdi. Ol öňki rekord eýesi Nintendo 3DS-den öňe geçdi. Görkezilen maglumatlar gibrid pristawkalaryň täze nesline ýokary islegiň bardygyny tassyklaýar.