Xiaomi SU7 Ultra elektrosedany Nýurburgring ýaryş ýolunda köpçülikleýin elektromobilleriň arasynda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ýaryş ýoly üçin goşmaça kämilleşdirmelere eýe bolan ulag bu aýlawy 7 minut 4,957 sekuntda geçdi. Öňki rekord Weissach bukjasy bolan Porsche Taycan Turbo GT ulagyna degişlidi – ol 2024-nji ýylda 7 minut 07,55 sekunt netijäni görkezdi. Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun görkezijiniň mundan beýläk-de gowulaşjakdygyna ynam bildirdi. Ol X we Weibo platformalarynda kompaniýanyň öňdebaryjy awtoöndürijiler bilen bäsleşmek üçin dowamly iş alyp barjakdygyny aýtdy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda SU7 Ultra-nyň prototipi bu ýoly 6 minut 46,874 sekuntda geçip, Nýurburgringde iň tiz dört gapyly awtomobil boldy. Bu netije ýewropa we amerikan brendleriniň ýediýyllyk agalygyny bes etdi. SU7 Ultra-nyň köpçülikleýin wersiýasy 1548 at güýjüni berýän üç elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Tizligi 0-dan 100 km/sag çenli artdyrma 1,98 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik 350 km/sag ýetýär.